aglamjyramak

aglamjyramak
işlik
[a:glamjyramak]
1) Bir zada gynanyp ýa-da nebsiň agyryp, göze ýaş aýlamak, zeýrenip çala aglamak.
∙ Gyzjagaz iki elini ýüzünden aýyrman, aglamjyrap, oňa haýallyk bilen jogap gaýtardy. (M. Gorkiý, Eserler)
∙ Hatda onuň aglamjyraýan ýiti sesini suwa geçip barýan Aýna-da eşitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
2) Zeýrenen bolup jögülik etmek, ýalandan aglan bolmak.
∙ Ol utanman, aglamjyramaga başlady.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать курсовую

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»